SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Flydubai” Türkmenistana yzygiderli gatnawlary ýola goýdy

BAE-niň “Flydubai” awiakompaniýasy Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy. Bu gatnaw koronawirus pandemiýasy sebäpli 3 ýyldan soňra gatnawlaryň täzeden ýola goýulmagy bilen ýerine ýetirildi.

Dubaýdan 23-nji ýanwarda 23:55-de uçan uçar Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline 03:25-de gelip gondy. Yzyna şol uçar 04:35-de uçup, Dubaýyň halkara howa menziline 06:30-da gondy.

Awiakompaniýa Aşgabat ugry boýunça her hepdäniň duşenbe we perşenbe günleri uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer. Dubaýa bolsa, gatnawlar sişenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Aşgabatda bu awiakompaniýanyň Seýitnazar Seýdi köçesiniň 19/1-nji jaýynda ýerleşýän salgysyndan biletleri satyn almak bolar. Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgisi: 92-01-66

Related posts

Türkmenistandan Türkiýä ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

Russiýada sanjymy hökmany etmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri

Täze koronawirus sanjymy barada hoş habar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment