BIZNES

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Eýranyň Parlamenti we Daşary işler ministrligi sebitara söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmek ugrunda bilelikde işleşerler.

Bu barada Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Aragçiniň parlamentiň Ykdysadyýet boýunça toparynyň hem-de Ykdysady diplomatiýa komitetiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça “Telegram” kanalynda beren beýanatynda aýdylýar.

Aragçy duşuşygyň dowamynda diplomatik toparyň ykdysadyýet ugrundaky çärelerini we maksatnamalaryny düşündirdi, şeýle hem ministrligiň ýurduň ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin parlament bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşykda ykdysady diplomatiýanyň iň möhüm meseleleriniň, söwda hyzmatdaşlygyny we daşary ýurt maýa goýumlaryny ösdürmegiň, nebit däl eksporty giňeltmegiň ýollarynyň, şeýle-de milli ykdysadyýeti goldamak üçin sebitara we ykdysady diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň maslahatlaşylandygy bellenilýär.

Related posts

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

Google : “Sanly Hindistan” üçin 10 milliard dollar

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler