DÜNÝÄ

Dünýädäki internet tizliginiň rekordy täzelendi

London uniwersitetiniň akademiýasynda işleýän inženerler täze tehnologiýany işläp düzdüler we dünýä internet tizliginiň rekordyny täzelemegi başardylar.

Gözlegçiler süýümi optiki kabelden geçirmezden ozal modulirlemegiň täze usullaryny işläp düzmek arkaly internetiň tizligini sekuntda 178 terabite çenli ýokarlandyrmagy başardylar. Bu bolsa, häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ulanylýan internet tizligi bilen deňeşdirilende ençeme esse ýokarydyr.

Geçen ýylyň maý aýynda awstraliýaly alymlar diňe 80 infragyzyl lazeriň işini ýerine ýetirýän ýörite optiki çip ulanyp, maglumat geçiriş tizligine 44,2 terabite ýetirmegi we dünýä internet tizligi rekordyny täzelemegi başarypdylar.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň mejlisiniň işine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak dabarasyna gatnaşjak liderler belli bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady