JEMGYÝET

Dünýäniň iň kiçi şaýy puly

Şweýsariýada dünýäniň iň kiçi altyn şaýy pullarynyň bir tapgyry ulanyşyga goýberildi. Olara dünýä belli fizik Albert Eýnşteýniň suraty ýerleşdirildi.

Mälim bolşuna görä, 999 şaýy puly ýasalyp çykaryldy. Onuň diametri 2,96 millimetr, agramy 0,063 gram, gymmaty 0,25 şweýsar frankyna deňdir. Bu şaýy pullar 199 şweýsar frankyndan satuwa çykarylar.

Bu kiçi şaýy pulda Albert Eýnşteýniň suratynyň ýerleşdirilmeginiň hem özboluşly manysy bar. Meşhur fizik uzak ýyllaryň dowamynda Şweýsariýada ýaşady, Sýurih şäherindäki ýokary tehniki mekdebi  tamamlady. 1901-nji ýylda bu ýurduň raýatlygyny aldy.

Related posts

Afganistan Cumhurbaşkanı Gani, Türkmenistan’da

vepa

Singapuryň ýolbaşçylaryndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Türkmenistanyň Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi