JEMGYÝET

Buýsançnama

Güllere beslenen gözel ýurdumda,

Ynsanperwer gatnaşyklar berkeýär.

Dünýä ady dolan Lider goýnunda,

Ilimiz abadan, halkym bagtyýar.

 

Eşretli zamanyň hözürin görüp,

Okaýas, bilimden alyp binýady.

Rowaçlyklar içre bagta ýar bolup,

Watanymyň ady Dünýä ýaýyldy.

 

Päk arzuwlaň hasyl bolýan mesgeni –

Sowulmaz  ýazlaryň ülkesi, ýurdum.

Synlanyňda diýarymyň keşbini –

Ýada salýar ajap düýşleň ýorgudyn.

 

Bu goja zeminiň juwan ýüregi,

Pederleriň namysynyň tugydyr.

Şu eziz Watanyň perzendi bolmak –

Ýer ýüzünde iň bagtly duýgydyr.

Gylyçmyrat Döwletow

Türkmen oba hojalyk institutynyň  talyby

 

Related posts

Adam atlarynyň manysy 30-njy ýanwar

Ata Watan Eserleri

Stambulda futbol bäsleşigi

vepa

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy