BILIM

Aşgabatda “Chevening” talyp haky maksatnamasy tanyşdyrylar

Beýik Britaniýanyň hökümetiniň 1983-nji ýyldan bäri geçirip gelýän “Chevening” talyp haky maksatnamasy boýunça bilim almak islýärsiňizmi? Onda “Chevening” talyp hakly maksatnamasy üçin ýüz tutmalar 6-njy awgustda başlady we bu maksatnama üçin 5-nji noýabra çenli ýüz tutmak bolar.

Siz özüňiziň toruňyzy giňeldip, durmuşyňyz oňyn özgertmeler girizmek sileýän bolsaňyz, şeýle hem dünýäniň öňebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, “Chevening” talyp haky maksatnamasyndan peýdalanyň.

Şonuň üçin şu ýyylň 16-njy sentýabrynda Aşgabatdaky “Amerikan” merkezinde sagat 18:30-da “Chevening” talyp haky maksatnamasynyň tanyşdyrylyş çäresi geçiriler.

Bu barada Beýik Britaniýanyň Aşgabatda ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda bellenilip geçilýär.

Related posts

Amerikanyň iň gowy 25 döwlet uniwersiteti: 8-si Kaliforniýadan

Amerikada stipendiýaly magistr mümkinçiligi:Fulbraýt maksatnamasynda soňky birnäçe gün

Ata Watan Eserleri

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

Ata Watan Eserleri