SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji 8-nji oktýabryndan Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça goşmaça awiagatnawlary amala aşyrar. Bu barada howa gatnawlarynyň baş agentligi habar berýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özüniň halkara gatnawlarynyň toruny berkitmegi dowam etdirmek bilen müşderilerine ýokary hilli we howpsuz hyzmatlary hödürleýär.

Bu gatnawlaryň rejesi we biletleri satyn almak boýunça giňişleýin maglumaty «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti resmi saýtynda ýa-da onuň wekilhanalarynyň web sahypalaryndan almak bolar.

Related posts

Russiýa 5 ýurt bilen howa gatnawyny dowam etdirýär

Dawos forumy: «Sputnik V» sanjymyny 25 ýurt bellige alar

Ata Watan Eserleri

Ýiti respirator kesellerden goranmak üçin…