JEMGYÝET

Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy

Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda

Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamaly.

2. Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we Arkadag şäheriniň häkimligi şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Related posts

Türkmen metbugatynda- 19.02.2019

vepa

BM Önleyici Merkezi’nden 2018 etkinlikleri

vepa

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler