DÜNÝÄ

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

18-nji aprelde Antalýa şäherinde, 5-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sibiga bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy. Özara bähbitli ugurlar boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge taraplaryň taýýarlygy tassyklanyldy.

Iş ýüzündäki hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary we ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklary amala aşyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy meselelerine bagyşlanan forumyna gatnaşdy

Eýranda Prezident saýlawlary

Awstraliýa Türkmenistana ilçi belledi