DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanda iş saparynda bolýan Gyrgyz Respublıkasynyğ Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat bovunca ministri Erlist Akunbekow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Mämmet Akmämmedow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag ulgamynyň gyrgyz-türkmen gün tertibinde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meselelerine seredildi.

Halkara ulag ugurlarynyň çatrygynda strategik taýdan möhüm ýerleşişe eýe bolan Gyrgyz Respublikasy ulag infrastrukturasyny ösdürmäge, üstaşyr geçelgelerini köpugurly etmäge we multimodal gatnawlary giňeltmäge ileri tutulýan ähmiýet berýär.

«Biz Türkmenistany gyrgyz ýükleriniň Hazar sebitine we Ýewropa çykmagyny üpjün etmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan möhüm üstaşyr hyzmatdaşy hökmünde görýäris. Iki ýurduň ulag-logistika mümkinçilikleriniň has netijeli peýdalanylmagynyň ýük gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, şeýle hem Merkezi Aziýanyň beýleki sebitler bilen ulag baglanyşygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn», — diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Erlist Akunbekow belledi.

Häzirki wagtda strategik taýdan möhüm bolan «Hytaý — Gyrgyz Respublikasy — Özbegistan» demir ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň ulanmaga berilmegi «Hytaý — Gyrgyz Respublikasy — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Ýewropa» ugry boýunça täze multimodal ulag geçelgesiniň döredilmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri açar.

Taraplar bu ugruň durmuşa geçirilmeginiň ýük akymyny artdyrmaga, harytlaryň eltilýän möhletlerini gysgaltmaga we halkara gatnawlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur boýunça ýakyn gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselesine-de garaldy. Gyrgyz tarapy Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça ýük gatnawlaryny gurnamakda bu portdan has giňişleýin peýdalanmaga gyzyklanma bildirdi.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmet Akmämmedow iki ýurduň arasynda ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ol «Hytaý — Gyrgyz Respublikasy — Özbegistan» demir ýolunyň gurluşygyny goldady we gyrgyz tarapyna Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan peýdalanmak üçin ýeňillikli şertleri döretmäge taýýardyklaryny habar berdi.

Mundan başga-da, ol şu günki duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň degişli pudak edaralarynyň amaly gatnaşyklarynyň çäginde mundan beýläk-de ösdüriljekdigini we bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar halkara ýük gatnawlary, logistika infrastrukturasyny ösdürmek we iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Türkmenistan ve Rusya Devlet Başkanları telefonda görüştü

vepa

ÝUNISEF Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri bilen duşuşyk

vepa

Türkmenistan Bitaraplygyň dostlary toparynyň garaýşyny beýan etdi