Türkiýäniň Alanýa şäherinde 6-njy Global Media Duşuşygy öz işine başlady. Halkara çärä dünýäniň 32 ýurdundan 350 žurnalist we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Duşuşyga Türkmenistanyň wekili hökmünde «Atavatan Media» habarlar toparynyň baş redaktory, hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjow hem gatnaşýar.
6–10-njy noýabr aralygynda geçirilýän halkara duşuşykda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen žurnalistler özara tejribe alyşýarlar, häzirki zaman žurnalistikasynyň ösüşini, sanly metbugatyň mümkinçiliklerini we emeli aň tehnologiýalarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, 7-nji noýabrda gatnaşyjylar üçin Alanya şäheriniň taryhy we medeni ýerlerine gezelenç guralýar. Gezelenjiň dowamynda Alanya galasyna, Syedra gadymy şäherine, Gyzyl diňiň ýerleşýän çägine we gämi gurluşyk desgalaryna baryp görmek göz öňünde tutulýar.
8-nji noýabrda halkara duşuşygyň çäklerinde dürli metbugat geňeşleriniň mejlisleri, umumy ýygnak we media boýunça ýörite maslahat geçirilýär.
Maslahatyň esasy mowzuklarynyň arasynda emeli aň döwründe žurnalistika, sanly metbugatda emeli aňyň ulanylyşy, hünär taýdan maglumatlaryň ýoýulmagy we hukuk meseleleri, şeýle hem metbugat bilen zorlugyň arasyndaky gatnaşyklar bar.
9-njy noýabrda bolsa jemgyýetçilikdäki zorluga garşy göreşmek boýunça ýörite okuw maslahaty geçiriler. Şeýle hem çäräniň çäklerinde baýrak gowşurylyş dabarasy we gala agşamlygy meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň wekili hökmünde duşuşyga gatnaşýan Döwran Orazgylyjowyň halkara media jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyp, žurnalistika ulgamynda hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.
Global Media Duşuşygy dürli ýurtlaryň žurnalistleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek we häzirki zaman metbugatynyň öňünde duran meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Atavatan Media | Alanýa, Türkiýe
