«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Teatr sungatynyň bu uly baýramçylygy Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň wekiliýetlerini, teatr sungatynyň ussatlaryny, döredijilik toparlaryny we sungat söýüjileri bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýerine ýetirilen edebi-çeper çykyşlar özüniň baý mazmuny we çeperçilik derejesi bilen tapawutlanyp, tomaşaçylara hem-de festiwalyň myhmanlaryna egsilmez ruhy joşgun paýlady.

Bellenilişi ýaly, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu halkara medeni çäre türkmen bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä ýüzünde belende göterilýän ýylynda özara medeni gatnaşyklaryň bedew batly ösüşlere beslenýändigini alamatlandyrýar.
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy 8-nji noýabrda geçiriler. Onda festiwalyň jemleri jemlener hem-de gatnaşyjylary ýörite diplomlar, tapawutlandyryş nyşanlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy bolar.
Şeýle hem festiwala gatnaşyjy myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençleri we muzeýler bilen tanyşlygy göz öňünde tutýan giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy.
