MEDENIÝET

Aşgabatda GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisi geçirildi

Paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu iri halkara çäre Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek, geljekki bilelikdäki meýilnamalary kesgitlemek hem-de dostluk köprülerini has-da berkitmek ugrunda möhüm ädim boldy.

Mejlisde GDA giňişliginde medeni gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga GDA agza döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň esasy maksady Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasyndaky taryhy-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, dowam edip gelýän ruhy-döredijilik baglanyşyklaryny täze derejelere çykarmakdan we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, taraplar häzirki zaman şertlerinde medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha berip, geljekki bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurdumyz medeni mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin köptaraplaýyn platformalary işjeň ulanyp, iri halkara we sebit guramalary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu işde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna aýratyn orun degişlidir. Şu günki çäre hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Mundan başga-da, «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeniýet günleri» Konsepsiýasynyň taslamasy we GDA gatnaşyjy döwletleriň «Arkalaşyk» atly halkara kinofestiwaly hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi hem-de «GDA-nyň medeni paýtagtlary» döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Related posts

Iň owadan zenan Julia Robertsiň filmleri

Şol bir atly 178 adamyň rekordy

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy: Türkmenistanda «Gyz kasamy» çeper filmi surata düşürilýär