DÜNÝÄ

Türkiýede 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmak gadagan edildi

Türkiýede 1-nji noýabrdan başlap, 15 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyna gadaganlyk girizildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Täze düzgünlere laýyklykda, 15 ýaşyna ýetmedik çagalar sosial ulgamlarda şahsy hasap açyp bilmezler. Öňden bar bolan hasaplaryň eýeleriniň ýaşyny barlamak işleri 2027-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder.

Geçiş döwründe sosial ulgam platformalarynyň dolandyryjylary bellenilen ýaş çägine ýetmedik çagalaryň hasaplaryny tapgyrlaýyn ýaparlar.

Şahsyýeti tassyklamak hökmany bolar

Täze talaplara görä, sosial ulgamlara girmek isleýän ulanyjylar Türkiýäniň e-Devlet döwlet elektron hyzmatlar portaly arkaly şahsyýetini tassyklamaly bolarlar.

Barlagdan soň ulanyjylara olaryň ýaşy baradaky maglumatlary özünde jemleýän ýörite sanly token berler.

15–18 ýaşly ýetginjekler üçin hem çäklendirmeler giriziler

15 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýetginjekler sosial ulgamlardan peýdalanyp bilerler, emma olar üçin birnäçe çäklendirme göz öňünde tutulýar:

  • Göni ýaýlymlary geçirmek gadagan ediler.
  • Şahsy habarlaşmalar diňe dostlarynyň hasaplary bilen çäklendiriler.
  • Uly ýaşlylar üçin niýetlenen mahabatlar görkezilmez.

Täze düzgünleri bozanlara, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin hasap açýan adamlara we sosial ulgam platformalaryna garşy degişli çäreler görüler.

Daşary ýurtly syýahatçylar üçin aýratyn düzgün

Türkiýä gysga möhletli sapar bilen gelýän daşary ýurtly syýahatçylar ýörite portalda pasport maglumatlaryny girizmek arkaly sosial ulgamlara girip bilerler.

Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly ozal bu çäklendirmeleriň zerurlygyny çagalaryň okuwa has köp wagt sarp etmelidigi bilen düşündiripdi.

Şeýle-de ministr bu düzgünleriň internetiň tutuşlygyna gadagan edilmegini aňlatmaýandygyny nygtady.

Mundan başga-da, Türkiýäniň häkimiýetleri sosial ulgamlarda şahsyýeti näbelli hasaplaryň ulanylmagyny hem gadagan etmegi meýilleşdirýärler.

Related posts

Tailandda koronowirusyň waksinasy synag edilýär

Türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

Awstriýada Arkadag şäheri tanyşdyryldy