5–9-njy oktýabr aralygynda Gazagystanyň Türküstan şäherinde Halkara türki medeniýeti guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň goldaw bermeginde IV Halkara talyp teatrlary festiwaly geçirildi.
Festiwalyň sahnasynda Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň talyp döredijilik toparlary milli mirasy, däp-dessurlary we häzirki zaman durmuşyny şöhlelendirýän sahna eserlerini görkezdiler. Toparlaryň çykyşlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň görnükli medeniýet işgärlerinden düzülen eminler topary baha berdi. Eminler toparynyň düzüminde Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow hem boldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty bölüminiň talyplary rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri barada gürrüň berýän «Bedew sarpasy» atly sahna oýny bilen çykyş etdiler. Bu sahna eseriniň esasyny Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» hem-de «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary düzýär. Sahna eseriniň dramaturgik esasyny ýokary okuw mekdebiniň talyby Şageldi Salyhow taýýarlady, oňa mugallym Merdan Handurdyýew režissýorlyk etdi.
Milli gözbaşlara we seýisçilik däplerine çuňňur hormat goýmak ruhunda taýýarlanan türkmen talyplarynyň sahna eseri «Milli temanyň iň gowy sahna beýany» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.
Döredijilik toparyna Halkara festiwalyň kubogy, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretariatynyň we Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň Hormat haty, şeýle hem Türküstan şäheriniň häkimliginiň Hoşallyk haty gowşuryldy.
Ýaş artistler üçin gazanylan bu ýeňiş we olaryň döredijilik işine berlen ýokary baha täze döredijilik üstünliklerine ýetmäge, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny hem-de behişdi bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga güýçli itergi boldy.
