DÜNÝÄ

Türkmenistanyň BMG bilen özara hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleleri maslahatlaşdylar.

Aýratyn üns öňde duran bilelikdäki çärelere we BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmäge berildi. Şeýle hem Hazar deňziniň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek we goramak boýunça bilelikdäki tagallalaryň wajyplygy bellenildi.

Related posts

Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk barada

Türki Döwletleriň Guramasynyň Türkmenistandaky saýlawlara synçy ibermegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar