JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplaryň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn görnüşde, hem-de halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan güni : Gutlag hatlar gelip gowuşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2 Uluslararası Bowling Turnuvası’na Katılacak

vepa

Adam atlarynyň manysy

Ata Watan Eserleri