MEDENIÝET

Bolgariýa ilkinji gezek «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Bolgariýa ilkinji gezek «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Ýurtlaryň emin agzalarynyň we tomaşaçylaryň umumy ses berişliginiň netijesinde, bolgariýaly aýdymçy Dara «Bangaranga» aýdymy bilen birinji orny eýeledi. Ikinji orna «Michelle» aýdymy bilen ysraýylly aýdymçy Noam Bettan, üçünji orna bolsa «Choke Me» kompozisiýasy bilen rumyniýaly Aleksandra Kepitenesku mynasyp boldy.

Ýatladyp geçsek, 2025-nji ýylda bu bäsleşigiň ýeňijisi «Wasted Love» aýdymy bilen awstriýaly aýdymçy Ýohannes Pitç bolupdy.

Related posts

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Aýaz baba wirtual dünýä syýahatyny tamamlaýar

Ata Watan Eserleri

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy gysga metražly film bäsleşigini geçirýär