JEMGYÝET

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Russiýa» daşary işler ministrleriniň 9-njy duşuşygyna gatnaşdy

Moskwa şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň daşary işler ministrleriniň dokuzynjy duşuşygy geçirildi.

Gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar geçen ýyl «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammitinde kabul edilen 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garadylar.

Halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekdäki, şol sanda sebitleýin howpsuzlygyny saklamak we berkitmek ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça däp bolan pikir alyşmalar geçirildi.

Diplomatlar ykdysady, energetika we ekologiýa ugurlardaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.

Related posts

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliarda ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Wengriýanyň Premýer-ministri resmi sapary bilen Türkmenistanyň paýtagtyna geldi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda syýasy özgertmeler: Halk geňeşi we bir palataly parlament döredildi