DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi «Euronews» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Brýusselde Ýewropa Bileleşigine agzalygy giňeltmek meselelerine bagyşlanan «Euronews» sammiti geçirildi. Çäre Ýewropa Bileleşigine girmek isleýän ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Sammitiň dowamynda ÝB-niň agzasy bolmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň Ýewropa integrasiýasy ugrunda gazanan öňegidişlikleri bellenip geçildi. Bu barada ilçihana sosial ulgamlarynda habar berdi.

Sammite Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow hem gatnaşdy. Ilçi sammitiň dowamynda «Euronews» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we ýakyn geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Baýden Bütindünýä bankyna täze ýolbaşçy teklip etdi

Ýaşamak üçin iň gowy şäherler

vepa

Wladimir Putin bilen Kim Çen Yn duşuşdy