DÜNÝÄ

Koreýa Respublikasyndaky türkmen raýatlarynyň dykgatyna

Seul şäheriniň häkimliginiň berýän maglumatyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinden başlap 7-nji aprele çenli Seul şäheriniň köp sanly etrapçalarynda, hususan-da Çonno-gu we Çun-gu etrapçalarynda ulag serişdeleriniň ähli görnüşlerine çäklendirmeleriň giriziljekdigi, şeýle-de, bu etrapçalarda we şäheriň merkezinde ýerleşýän edaralaryň, muzeýleriň, mekdepleriň we ýerasty demirýol stansiýalarynyň işiniň wagtlaýynça togtadyljakdygy barada siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Şu hepdäniň Anna gününden ýekşenbe gününe çenli şäheriň dürli etrapçalarynda adamlaryň köpçülikleýin ýygnanmagyna we jemgyýetçilik ulaglarynyň hereket ugurlarynyň üýtgemegine garaşylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynda wagtlaýyn bolýan raýatlaryna adamlaryň köpçülikleýin üýşýän ýerlerine barmakdan saklanmak maslahat berilýär.

Hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy

Related posts

Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak dabarasyna gatnaşjak liderler belli bolýar

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Niderlandlar Patyşalygy Türkmenistana täze ilçi belledi