SPORT

“Florida” ilkinji gezek Stenli kubogyny gazandy

Milli hokkeý ligasynyň esasy kubogy bolan Stenli kubogynyň ýeňijisi belli boldy. ABŞ-nyň “Florida” topary Kanadanyň “Edmonton” toparyny 2:1 hasabynda utup, Stenli kubogyny gazanmak ugrundaky final tapgyrynyň 7-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp, Stenli kubogyny ilkinji gezek gaznamagy başardy.

“Florida” topary 3-nji gezek finala çykdy. Mundan ozalky 2 gezek finalda ýeňiş gazanmagy başarmady. “Edmonton” topary bolsa, mundan ozal 5 gezek, ýagny 1984-nji, 1985-nji, 1987-nji, 1988-nji we 1990-njy ýyllarda Stenli kubogyny gazanypdy.

Kanadanyň toparlary 1993-nji ýyldan bäri Stenli kubogyny gazanyp bilmän gelýär.

Related posts

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Ronaldo ýene-de 2 rekorda golaýlaýar

Gurban Berdiýew “Kaýrat” toparynyň baş tälimçisi boldy

Ata Watan Eserleri