MEDENIÝET

Teýlor Swift milliarderleriň hataryna goşuldy

Amerikaly meşhur aýdymçy zenan Teýlor Swift milliarderler sanawyna goşuldy. 33 ýaşyndaky ýaş aýdymçy aýdym-saz ugry boýunça birnäçe uly baýraklaryň eýesidir.

“Bloomberg Milliarderler indeksi” neşiriniň hasabatyna görä, «Grammy» baýragynyň eýesi Swift sap girdejisini 1,1 milliard dollara ýetirdi. Swiftiň 17 martda badalga alan  “The Eras Tour” konsert saparynyň çäklerinde şeýle görkezijä eýe boldy.

Teýlor Swiftden ozal,  Rihanna, Jaý Z we Beýonsa milliarderler sanawyna goşulan aýdymçylardyr. Swift soňky konsert maksatnamasynyň çäklerinde uly girdeji gazandy.

Related posts

Aşgabatda Annaguly Myratdurdyýewiň konserti geçiriler

Türkmen kinematografiýaçylary Magtymguly Pyragy barada filmleri surata düşürip başladylar

Lazio sebitinde durmuşa çykanlara Italiýa 2000 ýewro berer

Ata Watan Eserleri