JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurtda ýagan güýçli ýagşyň netijesinde adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, giň möçberli weýrançylyklara getiren sil joşguny zerarly gynanç hatlaryny iberdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdiler.

Şol bir wagtda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygyna hem gynanç hatyny iberdi.

Related posts

Türkmen köli ralli muşdaklaryna gujak açdy

vepa

Türkmenistan Devlet Başkanı Türkmen Sporcuları Ödüllendirdi

vepa

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Leave a Comment