BIZNES

“EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi:Türkmenistanyň milli pawilýony gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Related posts

Türkmenistan bilen Yragyň arasynda tebigy gazy ibermek boýunça ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Italiýa daşary söwdada öňdäki orunlarda

Ata Watan Eserleri

Asya Oyunları ile ilgili Basın Toplantısı yapıldı

vepa

Leave a Comment