TEHNOLOGIÝA

“iPhone” kamerasyna üýtgeşme giriziler

Web sahypalarda ýerleşdirilen habarlara görä, “Apple” kompaniýasy ýakyn wagtda täze çykjak “iPhone” telefonlaryna periskop telefon linzasyny goşar we ol hem kameranyň ýakynlaşdyryş mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrar.

“Apple”  kompaniýasynyň birnäçe täze aýratynlygyny çaklaýan abraýly analitik Miň Çi Kuo Günorta Koreýanyň obýektiw öndürijisi “Semco” kompaniýasynyň “Apple” üçin periskop linzalaryny üpjün etjekdigini aýtdy.

Periskop linzalary kamerany näçe ýakynlatýandygyna garamazdan suratyň ýa-da wideonyň hilini peseltmezden almaga mümkinçilik berýär. Indi periskop linzalary ýerleşdiriljek “iPhone” telefonlary 50 gezek ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik alar.

Periskop linzalary “Huawei P30”-da peýdalanyldy we müşderileriň söýgüsini gazandy. “Apple” kompaniýasy hem beýleki bäsdeşlerinden yza galmazlyk maksady bilen kamerasynyň hilini has-da ýokarlandyrmak isleýär.

Related posts

“IOS 15.4” bilen “iPhone” -a çykjak aýratynlyklar yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Özbegistan 1 million ýeňil awtoulag öndürer

Ata Watan Eserleri

Iki ekranly “Asus” netbuk kompýuteri satuwa çykar