BIZNES

«Google» kompaniýasy Nýu-Ýorkuň raýatlaryna täze hyzmat hödürledi

«Google» Nýu-Ýork şäheriniň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlary bilen üpjün edýän ýörite sahypasyny raýatlara hödürledi. Onda esasan hem öýde sanly ulgam boýunça işlenilýän boş iş orunlar ýerleşdiriler. Bu sahypa ýörite şäheriň iş bilen üpjün edýän kafedrasy bilen işleşýär we gündelik boş iş orunlary bilen raýatlary tanyşdyrýar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary «Biz raýatlaryň oňat ýaşaýşyny üpjün etmegimizi, döwletimizi ösdürmegimizi dowam ederis» — diýip, irginsiz zähmet çekýärler. Bu sahypanyň döredilmegi häzirki wagtda öýde işsiz oturan Nýu-Ýork şäheriniň ýaşaýjylaryny begendirdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi 5 esse ýokarlandy

Gurluşyk-senagat toplumy: 3,976 milliard manatdan gowrak maýa goýumlar özleşdiriler

Ikinji Hazar ykdysady forumy Russiýada geçiriler

Ata Watan Eserleri