DÜNÝÄ

Tennis muşdaklary üçin gynançly habar

Dünýä belli “Wimbeldon” tennis ýaryşy dünýäde häzir dowam edýän çylşyrymly döwürde häzirlikçe ýatyryldy. Bu barada goşmaça maglumatlar 1-nji aprelde habar berler diýip, Germaniýanyñ Tennis federasiýasynyñ başlygynyñ orunbasary Dirk Horford habar berýär.

“Wimbeldon” tennis ýaryşynyň taryhynda ilkinji gezek şeýle ýagdaýa duş gelýär. Bu ýaryş 1945-nji ýyldan bäri geçirilip gelýär.

– Bu ýaryşyñ häzirlikçe goýbolsun edilmegi dogry karar we bular ýaly ýaryşlaryñ senesini üýtgedip we yza süýşürip bolýar, emma oktýabr aýynda otda tennis oýnamak mümkin däl, sebäbi şol döwürde ot çygly bolýar we oýnamak kynçylyk döredýär diýip, Horford belläp geçýär.

“Wimbeldon” çempionatyny 29-njy iýun-12-nji iýul aralygynda geçirmek meýilleşdirilýärdi.

Related posts

Aşa yssy sebäpli Fransiýada 1300-den gowrak mekdep ýapylýar

Türkmen-kuweýt gatnaşyklarynda täze döwür

vepa

Ärdogan bilen Miller tebigy gaz merkezini döretmegi maslahatlaşdy