GENEL

“Uçýan taksi” üçin 400 million dollar

Ýaponiýanyň iri awtoulag kompaniýasy “Toyota” uçýan taksi önümçiligi üçin 400 million dollara golaý maýa goýumyny özleşdirmegi meýilleşdirýär. Uçýan taksi ulgamyny ABŞ-nyň “Joby Aviation” kompaniýasy işläp düzýär.

– Howadan gatnawlary amala aşyrmak “Toyota”-nyň uzak möhletli maksadydyr. Häzirki wagtda awtomobil senagatyndaky işimizi dowam etdireris. ABŞ-nyň kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyk asmana göterilmäge mümkinçilik berer. Ulag ulgamynda täzeçilik özgertmeleriniň amala aşyrylmagyna taýýardyrys – diýip, “Toyota” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Akio Toeda gürrüň berdi.

Bu iki kompaniýa bilelikde uçýan taksi tehnologiýasyny özleşdirip, geljekde onuň giňişleýin önümçiligini amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda ABŞ-nyň “Joby Aviation” kompaniýasynyň “S4” 6-rotorly uçýan taksi modeli bar. Ol 4 ýolagça niýetlenip, 200 kilometr ýol geçmek kuwwatyna eýedir. Kompaniýa 12-rotorly  taksiniň üstünde işleýär.

Related posts

Merkezi Aziýa integrasiýasynyň ugurlary kesgitlenilýär

vepa

Türkmenistan’da 12 tesis özelleştirildi

vepa

Üstünligiň formulasy