GENEL

Türkmenistanly hüjümçi özbek toparynda

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Özbegistanyň «Nawbahor» toparynyň türgenleşiklerine goşuldy. «Ol 10-njy ýanwarda başlan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda gözden geçiriljek 11-nji daşary ýurtly futbolçy boldy» diýip, klubyň resmi saýtynda ýazylýar.

Şu aýyň 26-synda 28 ýaşyny doldurjak hüjümçi Russiýanyň «Rubin», «Neftehimik», «Rostow», Moldowanyň «Daçiýa», Türkiýäniň «Osmanlyspor», Azerbaýjanyň «Sabail», Türkmenistanyň «Altyn asyr», «Ahal» ýaly klublarynda futbol oýnap, geçen möwsümi Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoýynda» geçirdi. Ol möwsümi çempionlyk bilen tamamlan «Dordoýyň» düzüminde 28 duşuşyga gatnaşyp, şolarda 20 gezek tapawutlandy we gyrgyz çempionatynyň iň netijeli futbolçysy boldy.

Wahyt Orazsähedow 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda oýnap gelýär.

«Nawbohoryň» milli ýygyndymyzyň goragçysy Şöhrat Söýünowy hem gözden geçirýändigini aýtmak gerek.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Azerbaycan’a devlet ziyaretini gerçekleştirecek

PETRONAS yeni anlaşmalarla Türkmenistan’daki 30. yılını kutluyor

Türkmenistan Bakü’de düzenlenen Uluslararası Ombudsmanlar Zirvesi’ne katıldı

Türkmenistan ile Malezya, petrol ve doğal gaz sektöründe stratejik anlaşmalar imzaladı

Malezya Başbakanı Aşkabat’a geldi

Malezya Başbakanı Türkmenistan’a geliyor