GENEL

Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň hyzmatdaşlygy artýar

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Şweýsariýanyň “SICPA SA” kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Goralan nyşanlar bilen belgilemek ulgamynda dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan bu kompaniýanyň müdirýetiniň başlygy we baş direktory Filipp Amon paýtagtymyz Aşgabadda saparda boldy.

Şol saparyň çäklerinde gol çekilen bu resminama bilen baglanyşykly teklipler 2019-njy ýylyň martynda şweýsar kompaniýasynyň hünärmenleriniň Aşgabatda bolup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen harytlaryň belgilenmegi üçin enjamlary işläp taýýarlamak, öndürmek, hem-de programma üpjünçiligini ýola goýmak boýunça geçirilen duşuşykda öňe sürlüpdi. Ähtnama laýyklykda, Türkmenistanda söwda we salgyt salmak ýaly ugurlarda dürli elektron ulgamlaryň hem-de maglumat toparynyň peýdalanylyşyny giňeltmek, kontrabandanyň öňüni almak, ýurduň dünýäniň maliýe we söwda gatnaşyklaryna ýakynlaşmagyna, ynsaply we bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde abraýynyň pugtalanmagyna ýardam berer. Mysal üçin, Türkmenistan tarapyndan import we eksport edilýän harytlaryň gelip çykyşynyň howpsuzlygyny, önümçiligiň mukdaryna we hereketiniň seljerilişine gözegçilik etmek bolup durýar.

Related posts

Özel sektörden kısa kısa: Türkmenistan özel sektörüne Fitch Rating derecesi verilecek

Ata Watan Eserleri

Herkes “Atavatan Türkmenistan” okuyor

vepa

International Labor Conference and 100th Anniversary of the ILO

vepa