DÜNYA

15 minutda 13 milliard dollar gazandy

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan Jeff Bezos 15 minutda 13 milliard dollar gazandy. Bu barada “Bloomberg” habarlar gullugy habar berýär. Internet arkaly onlaýn söwda işlerini amala aşyrýan “Amazon” kompaniýasynyň paýnamalarynyň garaşylmadyk ýagdaýda ýokarlanmagy kompaniýanyň eýesiniň emläginiň 13 milliard dollar köpelmegine mümkinçilik döretdi.

Maglumatlara laýyklykda, “Amazon”-yň paýnamalary 12 göterim gymmatlap, 2,1 müň dollara deň boldy. paýnamalaryň artmagynyň sebäbi kompaniýanyň çärýeklik hasabaty bilen baglanyşyklydyr.

Bu ýagdaýda 13,2 milliard dollar gazanan Jeff Bezos “Forbes” Žurnalynyň taýýarlan sanawyna laýyklykda dünýäniň iň baý adamlarynyň hatarynda öňdeligi eýeleýär. Häzirki wagtda onuň emlägi 129,5 milliard dollara barabar boldy.

Related posts

Bakanlar Kurulu: Covid-19 ile mücadelede kredi

İSTANBUL’DA TÜRK DEVLETLERİNİN MEDYA ALANINDAKİ İŞBİRLİĞİ MÜZAKERE EDİLECEK

Cumhurbaşkanı Erdoğan ve dünya Liderlerinden Nevruz kutlaması