DÜNYA

Tokionyň Olimpiýa stadiony ulanmaga berildi

2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary üçin gurlan Olimpiýa stadiony ulanmaga berildi. Bu sport toplumynyň Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek wagtyndan 8 aý öň ulanmaga berilmegi Ýaponiýanyň bu iri sport ýaryşyna uly taýýarlyk görýändiginiň subutnamasydyr. Bu barada XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi internet saýty habar berýär.

Olimpiýa stadionynyň açylyş dabarasyna ýurduň Premýer-ministri Sindzo Abe, Tokio şäheriniň gubernatory Ýuriko Koike we binagär Kengo Kuma gatnaşdy.

Bu meýdançada Olimpiýa Oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary, futbol duşuşyklary hem-de ýeňil atletika ugry boýunça ýaryşlar geçiriler. Olimpiýa stadionynyň tomaşaçylarda ýakymly ýatlamalar galdyrjakdygy mälim edildi.

– Biz 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda başlanjak Olimpiýa oýunlarynyň hem-de 2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Paraolimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda dünýäniň köp ýurdundan türgenleri täze stadionda garşylamaga uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarys –  diýip, Tokio Olimpiýa oýunlary komitetiniň ýolbaşçysy Tosiro Muto gürrüň berdi.

Stadionyň umumy bahasy 156,9 milliard ýen (1,44 milliard dollar) deň bolup, 68 müň adamy kabul etmek mümkinçiligine eýedir.

Ýene-de okaň

Türkmen ve İngiliz Atasözleri Kindle Formatında Yayınlandı

Ata Watan Media, Las Vegas’taki Dünyanın En Büyük Teknoloji Fuarı CES 2026’ya Davet Edildi

Türkmenistan’ın EXPO 2025 Pavilyonu: Kültür ile Teknolojinin Buluşma Noktası

Türkmenistan’ın EXPO 2025’teki Milli Günü Görkemli Şekilde Kutlandı.

İran Büyükelçisi: İran, Türkmenistan’ın Uluslararası Barış Girişimlerini Destekliyor

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 18 yaş altı kişilerin pamuk işinde çalışmasına yönelik hukuki kısıtlama güçlendirildi

Ata Watan Eserleri