DÜNYA

Gonkong – iň köp syýahat edilen şäher

Beýik Britaniýanyň “Euromonitor International” kompaniýasy 2019-njy ýyl boýunça iň köp syýahat edilen şäherleriň sanawyny taýýarlady. Bu sanawda kerweniň başyny Gonkong şäheri çekýär. Bu şähere bir ýylyň dowamynda 26,7 million adam syýahat etdi.

Sanawda ikinji orny Bangkok şäheri eýeledi. Şähere 19,5 million jahankeşde geldi. Üçünji orny eýelän London şäheri 19 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi. Şeýle hem sanawyň öňdebaryjylarynyň hatarynda Makao, Singapur, PariŽ, Dubaý, Nýu-Ýork, Kuala-Lumpur we Stambul ýaly şäherler hem bar.

Şu ýerde Gonkongyň 2017-nji ýylda hem iň köp syýahat edilen şäher bolandygyny bellemek bolar.

Related posts

Türk şirketleri, Türkmenistan’daki projelerini teslim edecek

Marı eyaleti : Atama ve görevden alma

vepa

Yeni 7 yıllık kalkınma dönemi başladı: 65 milyar dolarlık yatırım

vepa