GENEL

«Tesla Model 3» ýokary islege eýe boldy

«Tesla» kompaniýasynyň ortaça bahadan satylmaga niýetlenen «Model 3» kysymly elektrikli awtoulagy uzak garaşdyransoň, internet arkaly satylyp başlandy. Kompaniýadan berlen beýanata görä, onuň bahasy 35 müň dollar bolar. Müşderiler tölegi bir aýyň dowamynda bölekleýin geçirip bilerler.

Aslynda, «Model 3» üçin ilkinji sargytlar 2016-njy ýylda kabul edilipdi. Şol döwürde hem onuň bahasynyň ortaça 35 müň dollar boljakdygy aýdylýardy. Ýeri gelende aýtsak, iň pes bahaly «Model 3»-iň bahasy hem 10 müň dollardan geçýär.

Şeýlelikde, kompaniýanyň ýolbaşçysy Elon Maskyň köpçülige niýetlenilýän elektrikli ulag öndürmek taslamasy durmuşa geçip başlady. Şol bir wagtyň özünde-de özara söwdalarda bahanyň ýokar galdyrylmazlygy üçin «Model 3»-iň söwdasy diňe internet arkaly amala aşyrylýar.

Ulagyň adaty görnüşi, bir gezek doly zarýadlanma bilen 350 kilometr ýoly geçip bilýär. Bu netije heniz «Teslanyň» beýleki bäsdeşleriniňkiden pesdir. Ulagyň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 208 kilometrdir.

Ýene-de okaň

ABD Özel Temsilcisi, Türkmenistan Dışişleri Bakanı ile görüştü

FAO Genel Direktörü Türkmenistan’da üst düzey görüşmelerde bulundu

“Orta Asya – Rusya” formatında üst düzey istişareler gerçekleştirildi

Aşkabat’ta Dünya Türk Dili Ailesi Günü kutlandı

ABD Özel Temsilcisi Sergio Gor’un Türkmenistan ziyareti

Türkmenistan’ın SPECA ülkeleriyle ticaret hacmi 2025 yılında 2,2 milyar doları aştı