DÜNYA

“T-Roc Cabriolet” täze nusgada gelýär

«Volkswagen» kompaniýasynyň «T-Roc Cabriolet» awtoulaglaryny öndürip başlandygyndan, belki, habaryňyz bardyr. Bu awtoulagyň 2020-nji ýylda öndüriljek nusgalary tassyklandy diýlip, dünýä metbugatynda ýazylýar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, şu habar bilen ugurdaş suratda synlaýan ulagyňyz kinniwanja bolsa-da, ol 2020-nji ýylyň modellerine mahsus ençeme aýratynlyklary özünde jemlär.  Aslynda, «T-Roc» ulaglarynyň kabriolet görnüşiniň ilkinji dizaýny bilen 2014-nji ýylda tanyşdyrylypdyr. Ýöne şol dizaýndaky ähli aýratynlyklar ulagda heniz-ä jemlenenok. Her niçik hem bolsa täze ulag aňrybaş nusga ýene-de bir ädim ýakynlaşar. Ulagyň 2020-nji ýylyň ilkinji günlerinde satlyga çykmagyna garaşylýar.

«Volkswagen» kompaniýasynyň baş direktory Herbert Diessiň aýtmagyna görä, «T-Rоc» kabrioletiniň iň esasy aýratynlygy rahatlygy bolar. Onuň dünýä bazarynda niçik orny eýeläp biljekdigini bolsa wagt görkezer.

 

 

 

Agageldi ITALMAZOW

Related posts

Avaza sınır karakolu açıldı

vepa

İtalyan şirketi, TAPI Boru Hattı’nın Türkmen bölümünü destekleyecek

vepa

Türkmenistan’da e-gazete dönemi