GENEL

Şelkunçik bilen täze ýyl baýramy

Nädip täze ýyly Şelkunçiksyz geçirip bolar. Bu spektakl birnäçe ýyl bäri edil arça we sowgat ýaly täze ýylyň nyşany bolup gelýär. Her ýylyň dekabr aýynda ony dünýäniň ähli teatrlarynda ýa-da täze ýyl şowhunlarynda spektakl edip oýnaýarlar ýa-da sazlaryny çalýarlar. Bu ýyl bolsa, “Ähli wagtda Şelkunçik” atly täze ertekiniň sazlaryny Rasul Klyçewiň ýolbaşçylyk etmeginde döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde dekabr aýynyň 28-ne sagat 18:00-da Türkmenistanyň Nebitgaz medeni merkezinde şowhunly konsertiň boljakdygyny habar berýäris. Şeýle hem, dekabr aýynyň 15-ne Türkmenistan kinoteatrynda siziň halaýan täze ýyl aýdymdyr sazlaryňyz italýan heňinde ýaňlanar. Konsertde fortepianoda Wladimir Mkrytumow, saksafonda Merdan Ýazmyradow, bas-gitarada Igor Şewsow, kakylyp çalynýan saz guralynda Timur Oraýew dagylar çykyş ederler.  Täze ýyl şowhuny bilen özüňiziň we ýakyn dost-ýarlaryňyzyň şähdini açyň.

Ýene-de okaň

Aşkabat – Avaza güzergahında düzenli otobüs seferleri başlıyor

Türkmenistan “Tayvan’ın bağımsızlığı”nın her türlü biçimine karşı çıkmaktadır

İrfan Ali: Aşkabat’ta yakın zamanda UN-Habitat ofisi açılabilir

WUF13:Türkmenistan ile Azerbaycan ekonomik işbirliğini görüştü

Orazov: Bakü’deki WUF13 zirvesinde Arkadağ şehrini tanıttı

Türkmenistan, Hazar’ın tabanından geçecek enerji kablosu projesine katılım olasılığını inceliyor