GENEL

«Segway» täze kapsulany synagdan geçirdi

«Segway» kompaniýasy tohum şekilindäki, öz-özüni dolandyrýan eletrikli kapsulanyň täze görnüşini ― «S-Pody» synagdan geçirdi. Täze kapsulanyň öňkülerinden tapawudy, onda ähli zat eliň aýasynda, hereket wagtynda haýsydyr bir buýrugy bermek üçin ýeriňden turmak gerek däl ― diýip, «The Verge» habar berýär.

«S-Pody» oturyp dolandyryp bolýar. Onuň tizligini üýtgetmek ýa-da saga-çepe öwürmek işi eliň ýakynyndaky düwmeler arkaly amala aşyrylýar. Ol duran ýerinde hem yzyna öwrülip bilýär.

«S-Poduň» iň ýokary tizligi sagatda 38 kilometrdir. Ýöne onuň akkumulýatorynyň bir zarýadlanyşda näçe kilometre gidip bilýändigi barada kompaniýa heniz maglumat berenok. Täze kapsula şu ýylyň üçünji çärýeginde satlyga çykarylar. Onuň nyrhy heniz belli däl.

«S-Pod» inŽenerleriň 2015-nji ýylda görkezilip başlan «Ýura döwründäki älem» filminden ylham alnyp döredilen çaklaňja, bir adamlyk ulagdyr.

Ýene-de okaň

Rusya’nın Aeroflot’u ile Belarus’un Belavia’sı, Minsk üzerinden Türkmenistan’a tek bilet uygulamasını başlattı

Türkmen halkının Millî Lideri İran’ın eski lideri Ali Hamaney için düzenlenen törene katıldı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Donald Trump’ı Bağımsızlık günü ile tebrik etti

Grace Wang Türkmenistan’daki BM Mukim Koordinatörü olarak atandı

Azerbaycan ile Türkmenistan: değişen bölgesel gündemde stratejik ortaklık

Türkmenistan ile Türkiye ilişkilerine eğitim katkısı

Ata Watan Eserleri