GENEL

“Matriks” filminiň 4-njisi surata düşüriler

Kino muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan “Matriks” filminiň 4-njisi surata düşüriler. Film 2020-nji ýylda surata düşürilip başlanar. “Matriks” filminiň ilkinjisi 1999-njy ýylda görkezilipdi.

Ýene-de ozalkylar ýaly, bu filmde Keanu Riwz hem-de Kerri-Enn Moss surata düşer. Bu filmiň dördünjisini hem ozalky reŽissýor hem-de ssenarist Lana hem-de Lili Waçowskiler alyp barar. Olara Aleksandr Hemon hem-de Dewid Mitçel kömek berer.

Bu filmiň gahrymanlarynyň hataryna meşhur hindistanly aktrisa Priýanka Çopra hem goşuldy. 2000-nji ýylda dünýäniň iň owadan gyzy saýlanan Priýanka Çopranyň haýsy keşpde oýnajakdygy barada heniz maglumat berilmedi.

Ýokarda-da bellenilip geçilişi ýaly, “Matriks” filminiň ilkinjisi 1999-njy ýylda görkezildi. 2003-nji ýylda “The Matrix Reloaded” hem-de soňra “The Matrix Revolutions” filmleri kino muşdaklaryna hödürlendi. Olaryň halkara prokatlardaky gazanjy 1,6 milliard dollardan hem geçdi.

“Matriks” filminiň dowamy bolan täze kino 5-nji fewraldan surata düşürilip başlanar. Filmiň 2021-nji ýylyň maý aýynda görkeziljekdigi mälim edildi.

Related posts

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Orta Asya-Çin dışişleri bakanlarının toplantısına katılacak

Azerbaycan Cumhurbaşkanı Türkmenistan’ı ziyaret edecek

vepa

Türkmen sinemacıları Bişkek’teki film festivaline katılacak

Ata Watan Eserleri