GENEL

Goý çagaňyz geljegine ynamly seretsin…

Her bir ene-ata çagasynyň doglan gününden başlap, kämillik ýaşyna ýetýänçä, onuň haýsy käre eýe boljakdygy, haýsy işiň başyny tutmalydygy barada gije-gündiz aladasynda gezýärler diýsek ýalňyşmarys.

Bu aladalaryndan azda-kände dynmak isleýän ene-atalar üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine Goýum “Kämillik sowgady” atly plastik kartyny hödürleýär. Şeýle sowgat alan çaga öz geljegine ynamly seredip biler. Mundan beýläk, Türkmenistanda ýaşaýan her bir kämillik ýaşyna ýeten çaga bankda öz şahsy hasabyny sowgat alyp biler. Bu şahsy hasaba gyssagly goýum göterimi ýygnanar we goşmaça: sowgat hökmünde Bank tarapyndan Göterim goşular we plastik karty sowgat berler.

Goýumyň şertleri:

Möhleti: 18 ýaşa ýetilýänçä

Göterim möçberi: 8% ýylyň dowamynda

Goýumyň iň az görnüşi: 100 manat

Türkmenistanda ýaşaýan Her bir çaga “Kämillik sowgady” goýum plastik kartyna mynasypdyr!

Ýene-de okaň

Türkmenistan’da 6 ayda 39,1 milyar metreküp doğal gaz üretildi

Türkmenistan uluslararası zirvelere ve toplantılara hazırlanıyor

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, Katar Emiri’ne taziye mesajı gönderdi

Azerbaycan ve Türkmenistan ikili İş Konseyi kurulmasını görüştü

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Azerbaycan Ekonomi Bakanı ile görüştü

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Ekonomi Bakanı Mikayıl Cabbarov’u kabul etti