GENEL

Fransiýa Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmekçi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga uly üns berýär. Täjigistanyň Prezidenti Emomoli Rahmon bilen bolan duşuşygynda fransuz Lideri daşary işler ministrine Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagy, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi tabşyrdy.

«Merkezi Aziýa ykdysady taýdan gazanylýan ösüş, jedelsiz, bütin dünýä täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem biz Merkezi Aziýaly dostlarymyz bilen ýakyn hyzmatdaşlyga hemişe taýýar» diýip, Prezident öz çykyşynda aýtdy.

4-nji noýabrda bolsa Fransiýanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa döwletleri boýunça wekili Jan-Batist Lemuan Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri bilen duşuşyp, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykda soňky 3 ýylyň içinde sebite has ýakynlaşan PariŽiň diňe bir ykdysady ulgamda däl, eýsem, medeniýet we ylym babatynda hem hyzmatdaşlyga taýýardygy aýdyldy.

Ýene-de okaň

Özbekistan Dışişleri Bakanı Bahtiyor Saidov Aşkabat’a geldi

Türkmenistan’da 6 ayda 39,1 milyar metreküp doğal gaz üretildi

Türkmenistan uluslararası zirvelere ve toplantılara hazırlanıyor

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, Katar Emiri’ne taziye mesajı gönderdi

Azerbaycan ve Türkmenistan ikili İş Konseyi kurulmasını görüştü

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Azerbaycan Ekonomi Bakanı ile görüştü