GENEL

Dünýämiziň almaz känleri

Almaz, başgaça aýtsak, brillliant ― dünýäniň iň gymmat bahaly daşy. Eýsem, Ýer şarynda näçeräk mukdarda almaz daşy barka? Masaçusets Tehnologiýa institutynyň hünärmenleri bu sowala jogap tapdylar. Olaryň aýdýan mukdaryny san görnüşinde aýtjak ýa ýazjak bolsaň hem ep-esli kelle döwmeli bolýar.

Ýerdäki almazyň mukdaryny anyklaýan enjam tapyldy, ýöne onuň almak üçin entek gerekli tehnologiýany adamzat tapanok. Institutyň alymlarynyň aýtmagyna görä, Ýer şarynda bir kwadritallion tonna möçberinde almaz bar.

Bu sany ýazjak bolalyň! 1 000 000 000 000 000, ýagny, trillionyň müň essesi. Emma şunça hazynanyň agramly bölegi Ýeriň üstünden 144 ― 240 kilometr çuňlukda ýatyr. Häzirki wagta çenli iň çuňluga gidip bilen almaz käni ― Russiýanyň «Mir» käninde bolsa 550 metrlik çuňluga aralaşmak mümkin boldy.

 

Related posts

Özbekistan Cumhurbaşkanı Şavkat Mirziyoyev’e Türkmenistan’ın “İşbirliğine Katkı” Madalyası verildi

Dragon Oil Türkmenistan’a 11 milyar dolarlık yatırım yaptı

Türkmenistan ile Rusya 15 yeni işbirliği anlaşması imzaladı