GENEL

Beýl ahyr-soňy Hytaýa gaýtdy

«Realyň» uelsli futbolçysy Garet Beýl futbol ýoluny Hytaýda dowam etdirer. 30 ýaşly futbolçy «Szýansu Sunin» topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Klub onuň her ýyly üçin 22 million ýewro tölär.

Öz döwrüniň rekord transferi hökmünde 2013-nji ýylda «Realyň» düzümine goşulan Beýl geçen ýyl toparyna 42 duşuşykda kömek berip bildi. Ol şol duşuşyklarda 14 pökgi geçirip, 7 goluň geçirilmegine hem goşant goşdy.

«Szýansu Sunin» Hytaý Superligasynda altynjy orny eýeleýär. 19-njy tapgyrdan soň Kosmin Oleroýunyň topary 26 utuk toplady. Şu transfer penjiresi döwründe klub braziliýaly goragçy Žoao Mirandany hem düzümine goşupdy.

Related posts

Türkmenistan’da milletvekilliği seçimleri için erken oy verme başladı

Türkmenistan Bakanlar Kurulu Toplandı: İpek Yolu bisiklet turu düzenlenecek

vepa

Ýene-de Gün dogdy…

vepa