DÜNYA

Daşkendiň telediňi 35 ýaşady

Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanýan telediňi 35-nji ýaşyny belleýär. 375 metr beýikligindäki telewideniýa diňi Merkezi Aziýanyň uly binalarynyň biri hasaplanýar. Onuň synlaýyş merkezi hem hemişe köp adamlydyr. Her ýyl ortaça 70 müň adam gelýär.

Daşkendiň telediňi dünýäniň iň uly telediňleriniň arasynda 12-nji orunda durýar. Onuň gurluşygyna 1978-nji ýylda girişildi we  6 ýyl dowam etdi. 1985-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda ulanmaga berildi. 1985-1991-nji ýyllar aralygynda dünýäniň 3-nji uly diňi boldy.

Häzirki wagtda bu telediňiniň esasy wezipesi teleýaýlymlary we radioýaýlymlary alyp bermekden ybaratdyr. Onuň tolkunlary Daşkent, Daşkent oblastyny, Syrderýanyň belli bir bölegini we Gazagystanyň günorta etraplaryny gurşap alýar. Ol köp sanly ministrlikler, pudak edaralary we söwda guramalary tarapyndan ulanylýar. Özbegistanyň gidrometeorologiýa merkeziniň gözegçilik bekedi hem oturdyldy.

Related posts

Aşkabat’ta Orta Asya-Rusya Parlamentolararası Forumu düzenleniyor

Russian Federation restart of Turkmen gas purchases from January 1, 2019

vepa

Intergovernmental Turkmen-Afghan Commission

vepa