GENEL

Bäş geçiniň yzynda. ( degişme )

Bütin maşgala esger,
Bäş geçiniñ yzynda.
Uzakly gün dökýäs der,
Bäş geçiniñ yzynda.

Aýlan şahy döwülmiş,
Gözlegi ekin bolmuş,
Salkynda ýüz ylgamyş,
Bäş geçiniñ yzynda.

Bäşisi hem ekinçi,
Biri – birinden öňçi,
Bolup ýörşümiz jarçy,
Bäş geçiniñ yzynda.

Sähel ünsüňi bölseň,
Terse nazaryň salsaň,
Ýetmesi kyn ylgasaň,
Bäş geçiniň yzynda.

Gulak asmaz ur ýa sög,
Çopan bolan bolmaz sag,
Bir ýylda bolar näsag,
Bäş geçiniň yzynda.

Eýesi habar almaz,
Ýagdaýyň neneň bilmez,
Aslynda özi gezmez,
Bäş geçiniñ yzynda.

Ýigit sizden bez bolup,
Nälaç bakýa ýűz salyp,
Çopan taýagyn alyp,
Bäş geçiniň yzynda.

Mustapa Welläýew

 

Related posts

The ceremony of signing a joint program with the UN was held at the MFA of Turkmenistan

vepa

Türkmenistan ilk hibrit güneş-rüzgar santarlinin inşa edecek

Türkmenbaşı ile Astrahan arasında düzenli seferler açılması teklif edildi