GENEL

“Airbus”-yň täze uçary

Ýewropanyň meşhur awiagurluşyk kompaniýasy “Airbus” ýangyç sarp edilişini 20 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berýän täze uçarynyň taslamasyny görkezdi.

Kompaniýanyň “MAVERIC” kysymly uçarynyň taslamasy Singapurda geçirilen awiasiýa sergisinde ilkinji gezek köpçülige hödürlendi. Täze tanyşdyrylan uçaryň uzynlygy 2 metre, ini 3,2 metre barabardyr.

Bu gysga göwrümli uçar ýangyjy tygşytly ulanmagy bilen tapawutlanar. Bu ugurdaky görkeziji 20 göterime çenli ýangyç tygşytlamakdan ybaratdyr.

Ýöne gynansak-da, entek-entekler bu uçary asman giňişligine görmek kyn bolsa gerek. Kompaniýa onuň synag uçuşlaryny amala aşyrýar. Bu uçuşlar üstümizdäki ýylda-da dowam eder.

Related posts

Türkmenistan ile Özbekistan ticaret hacmi 486 milyon dolara yaklaştı

Türkmenistan Şanghay İşbirliği Örgütü ülkelerine gaz tedarikini artırmaya hazır 

Türkmenistan ile Rusya stratejik işbirliği anlaşması imzaladı

vepa