GENEL

60 ýyldan soň…

ABŞ-nyň awiagurluşyk kompaniýasy “Boeing” 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda hiç hili sargyt alyp bilmedi. Mundan ozal, şeýle ýagdaý 58 ýyl mundan ozal, ýagny 1962-nji ýylyň ýanwarynda bolupdy.

Şol bir wagtda “Boeing” kompaniýasynyň esasy bäsdeşi “Airbus” kompaniýasy 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda 274 sany uçar önümçilik sargydy aldy.

“Boeing” kompaniýasynyň “B737 Max” kysymly uçarlarynda ýüze çykan kemçilikler sebäpli sargyt almakda kynçylyk çekýär. Bu kompaniýa iň soňky gezek 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Dubaý şäherinde geçirilen halkara awiasiýa sergisinde “SunExpress” kompaniýasyndan 30 sany uçar sargydy alypdy.

Şeýle hem bu meşhur kompaniýasy 23 ýyldan soňra maliýe ýitgisi çekdi. Kompaniýanyň 2019-njy ýyldaky ýitgisi 636 million dollara deň boldy.

Related posts

Türk şirketi Türkmenistan’a modern uluslarararı hastane kazandırdı

Ata Watan Eserleri

Bağımsız Devletler Topluluğu, Türkmenistan’daki seçimleri takip edecek

vepa

İstanbul Okan Üniversitesi Sizi bekliyor

vepa