DÜNYA

“Instagram”-yň şasy kim?

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi, Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň futbolçysy Kriştiano Ronaldo diňe bir futbol dünýäsinde däl, eýsem jemgyýetçilik torlarynda hem uly meşhurlykdan peýdalanýar. Ronaldo “Instagram” jemgyýetçilik torunda 200 million abunaçylarynyň sany bilen birinjiligi eýeleýär.

Ol “Instagram” tory boýunça yzarlaýanlaryň sany boýunça kerweniň başyny çekýär. Onuň bu ugurdaky esasy bäsdeşi amerikaly aýdymçy hem-de aktrisa Ariana Grandedir. Onuň abunaçylarynyň sany 173 milliona deňdir. Üçünji orunda bolsa, Golliwudyň soňky döwürdäki meşhur aktýory Dueýn Jonsondyr. Ol “Äpet gaýa” lakamy bilen hem tanalýar.

Sport äleminde akkauntçylarynyň sany boýunça ilkinji onluga Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi, “Barselona” toparynyň futbolçysy Lionel Messi girdi. Onuň “Instagram”-daky tarapdarlarynyň sany 137 milliona deňdir.

Related posts

Magellanyň yzy bilen

vepa

Türkmen Lider’den Putin’e tebrik mesajı

vepa

AB Orta Asya Özel Temsilcisi Terhi Hakala Türkmenistan’da temaslarda bulunuyor

Ata Watan Eserleri