GENEL

Telefon bazarynyň öňdebaryjysy

Hindistan ABŞ-dan öňe geçip, dünýäniň iň uly telefon bazarynda ikinji orny eýeledi. 2019-njy ýylda ýurtda 158 million telefon satyldy. Bu ykjam aragatnaşyk enjamlarynyň 72 göterimi Hytaýda öndürilen telefonlar boldy.

Geçen ýyllarda birinji orna Hytaýy geçiren ABŞ bu gezek Hindistandan hem yza düşüp, telefonlaryň iň köp satylýan bazarlarynyň sanawynda üçünji orny eýeledi.

“Engadget” internet portalynda ýerleşdirilen habara görä, telefon bazarynda ikinji orna geçen Hindistanda 158 million telefon söwdasy amala aşyryldy. Esasan hem Hytaýda öndürilen telefonlara uly isleg bildirilýär. Hytaýyň “Huawei”, “Xiaomi”, “Vivo”, “Realme” we “Oppo” ýaly kompaniýalaryň telefonlary iň köp satyn alynýan telefonlar bolup durýar.

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri bolan Hindistan soňky ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bazarlaryň birine öwrüldi. Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy bu ýurtda 500 million dollar möçberinde maýa goýum taslamasyny özleşdirmek işine girişdi. “Apple” kompaniýasy hem Hytaýdaky önümçiliginiň belli bir bölegini Hindistana geçirdi.

Related posts

YÖK Başkanı Erol Özvar’dan Türkmenistan’a işbirliği teklifleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanlylar Stambulda raýdaşlyk jemgyýetini döretdi

vepa

Türkmenistan parlamentosunun milletvekillerinin yüzde 26’sı kadın milletvekiller oluşturdu