GENEL

90 ýylda birinji gezek

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kolorada ştatynda iýun aýynda ýagan garyň galyňlygy ýarym metrden geçdi diýip, «Forum Daily» neşiri habar berýär.

Habarda aýdylyşyna görä, 21-nji iýunda deňiz derejesinden, takmynan, 2 müň metr belentlikdäki Stimbot şypahanasynda garyň galyňlygy 20 santimetre çenli ýetdi. Denwer şäherinden, takmynan, 250 kilometrlik demirgazyk-günbatarda ýerleşýän şypahanada we onuň golaýynda ýagan gar «Tomusky gar» diýlip atlandyryldy.

Bu sebitlerdäki garly howa 23-nji iýundan bäri dowam edýär. Habaryň iň gyzykly tarapy, bu ýerde tomus paslynda iň soňky gar 90 ýyl mundan ozal ýagan eken.

Related posts

Türkmen takımı, uzatmalarda attığı golle gruptan çıkmayı başardı

vepa

Türkmenistan’da önemli bir enerji projesi hayata geçirildi

TBMM Başkanı Numan Kurtulmuş Türkmenistan Meclis Başkanı ile görüştü